Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
Mary welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 18-nji apreli, Türkmenistan

Mary welaýatynda çarşenbe güni Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Merkeziň açylyşyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlary hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina 200 orunlyk bolup, çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa bölümlerini öz içine alýar.

Habarda bellenilişi ýaly, çagalar binasy 260 orna niýetlenip, onda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa bölümleri göz öňünde tutulandyr. Her binanyň öz kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bar.

Şeýle-de merkezde anyklaýyş-maslahat beriş bölümi, ulular üçin barokamera otagy, fizioterapiýa we bejeriş-bedenterbiýe otaglary, barlaghana bölümi, çaga dogrulýan bölüm, dolandyryş bölümi, mejlisler zaly, näsaglar, işgärler üçin naharhana, döwrebap awtoduralga, egin-eşik ýuwujy we zyýansyzlandyryjy bölümler ýerleşdirildi.

Mundan başga-da, şol gün “Türkmenawtoulaglar” agentliginiň “Maryawtoulag” önümçilik birleşigine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Sowgat berlen täze ulaglar Ýaponiýanyň önümi bolup, olaryň 170-si “Toyota Coaster” kysymly orta synply, 20-si bolsa “Toyota Hiace” kysymly kiçi synply awtobuslardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022