Türkmenistanda ýyladyşhanalar üçin Döwlet sanitariýa kadalary tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýyladyşhanalar üçin Döwlet sanitariýa kadalary tassyklandy
“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda pomidor hasyly ýygnalýar.

Türkmenistanda ýyladyşhanalaryň, ýyladyşhana hojalyklarynyň gurnalyşyna we ulanylyşyna bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary tassyklanyldy. Tassyklanylan bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde 1785 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Resminamada işçiler üçin ýörite eşikler we şahsy gorag enjamlary, işleri we sarp ediş hyzmatlaryny guramagyň düzgünleri görkezilýär. Aýry-aýry bölümler daşky gurşawy goramak we ýyladyşhana işgärlerine lukmançylyk kömegini bermek talaplaryna bagyşlanýar.

Täze Döwlet sanitariýa kadalarynyň talaplary eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolup durýar.

2022