Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Merkezi Aziýa boýunça diplomatik sapara ugrady we onuň çäklerinde Türkmenistana hem sapar eder. Bu barada Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletlerine amala aşyrylýan bu sapar Birleşen Patyşalygyň strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan bu sebit bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär. Dewid Kameron saparyň çäklerinde terrorçylyga garşy göreşmekden howanyň üýtgemegine çenli umumy meseleler boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen duşuşyk geçirer.
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň saparynyň esasy mowzuklarynyň biri geljek üç ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ösüşini maliýeleşdirmegiň täze tapgyry hökmünde 50 million funt sterlingiň bölünip beriljekdiginiň yglan edilmegi bolup durýar. Bu maýa goýumlar sebit ösüşine ýardam etmäge, ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrmaga, şeýle hem Beýik Britaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwdany we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Dewid Kameron sebit özygtyýarlygyna zelel ýetirmezden durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde britan maýa goýumlarynyň tutýan ornuny nygtamak bilen, olaryň bu sebite gönükdirilişini giňeltmegi britan tarapynyň maksat edinýändigini belleýär. Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri iş ýerlerini döretmekde we Brijentden (Beýik Britaniýanyň günortasyndaky dolandyryş okrugy) Bişkege çenli gülläp ösüşde britan işewürliginiň ähmiýetini nygtaýar.
Şeýle hem Dewid Kameron sebitdäki iňlis dili mugallymlaryň Iňlis dili boýunça britan geňeşiniň okuw gollanmalaryna elýeterligini ýeňilleşdirmegiň hem-de “Chevening” talyp hakly okuw maksatnamasynyň maliýeleşdirilişiniň iki esse köpeldilmeginiň meýilleşdirýändigini belleýär. Bu başlangyçlar köp sanly adamlaryň belli britan uniwersitetlerinde ýokary bilim almaklaryna mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň şu gezekki sapary Türkmenistana, Täjigistana we Gyrgyzystana, 1997-nji ýyldan bäri Özbegistana, şeýle hem soňky on ýylyň içinde Mongoliýa amala aşyrýan ilkinji sapary bolup durýar.