Türkmenistan we Beýik Britaniýa ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 24-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýandygy nygtaldy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

“Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň hem-de gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugynyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, bank-maliýe, ätiýaçlandyryş, himiýa senagaty we söwda ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň biri boldy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek ugrunda britan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022