Türkmenistan we Owganystan Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan Hyratdaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar
Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 29-nji apreli, Owganystan (Surat: DABS)

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanylmagyny we onuň ulanyşa berilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada DABS kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň barşynda DABS kompaniýasynyň baş iş dolandyryjysy Maulawi Abdul Rahman Rahmani “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşygyndaky işleriň tamamlanýandygyny tassyklaýan soňky maglumatlar bilen tanyşdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hyratdaky podstansiýa ähli tehniki meseleler çözülenden soň işe giriziler diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow taraplaryň enjamlar we tehniki meseleler bilen baglanyşykly teswirnamany ýakyn wagtda tamamlajakdygyny aýtdy.

Bu podstansiýanyň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hyrat şäherine elektrik energiýasynyň importynyň ep-esli ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Owganystanyň energetika kompaniýasy “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda resmi taýdan ýurduň Hyrat welaýatynda “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşyk işlerine başlady. Bu taslamanyň maksady Türkmenistandan elektrik energiýasynyň üpjünçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

2022