Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Hökümet portaly habar berýär.
Daşkent maýa goýum forumy Özbegistanyň işewürlik tendensiýalaryny öwrenmäge, Özbegistanyň ýaş telekeçileriniň kämilleşdirilmegine gatnaşmaga, logistikany ösdürmäge esaslanýan taslamalary durmuşa geçirmäge, işewür we hökümet toparlary bilen aragatnaşyk saklamaga hem-de Merkezi Aziýanyň bazarlaryna girmek üçin geçelge bolup hyzmat etmäge mümkinçilik döreder.
Forumyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäräniň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy, ýurduň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparow, Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika ministri Şazada Abdulaziz bin Salman Al Saud, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri we başgalar çykyş ederler. Daşkent halkara maýa goýum forumynda Türkmenistana ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew wekilçilik eder.
Şu gezekki Daşkent halkara maýa goýum forumyna 84 ýurtdan 2500-e golaý adam, şol sanda hökümet agzalary, iri kompaniýalaryň we BMG-niň, ÝTÖB-niň, OPEC-iň, ŞHG-niň wekilleri gatnaşarlar.
Daşkent halkara maýa goýum forumy Özbegistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlarynyň ýokary ösüş mümkinçiligini görkezýän halkara çäre bolup durýar. Bu forum sebitiň uzak möhletli durnukly ösüşi üçin halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary we ylalaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen 2022-nji ýylda döredildi.