Owganystanly işewür $10,9 millionlyk mazut satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanly işewür $10,9 millionlyk mazut satyn aldy
TDHÇMB-da resminamalaryň kabul edilýän pursady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystandan gelen işewür jemi bahasy 10 million 920 müň ABŞ dollaryna deň bolan az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Türkiýeli telekeçiler bolsa dokma önümçiligi üçin ýekegat kardly agardylmadyk nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 712 müň 120 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçi jemi bahasy 310 müň manada deň bolan we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen düz aýna satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 833 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022