TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 422 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi "Ý-354" kysymly tehniki gurum, Owganystanly telekeçi bolsa "B" kysymly karbamid satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 227 müň 6 ABŞ dollaryna barabar boldy. Birža söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Gyrgyzystanly telekeçiler umumy bahasy 434 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan çig mytgal satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçi şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy 5 million manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 41 million 833 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022