Türkmenistanyň Prezidenti we Mihail Mişustin rus bilim edaralarynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti we Mihail Mişustin rus bilim edaralarynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar rus mekdepleriniň gurluşygynda we institutlaryň hem-de uniwersitetleriň şahamçalarynyň açylmagynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

“Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyk hemişe bolşy ýaly dostlukly ýagdaýda geçirildi. Hyzmatdaşlygymyzyň ähli ikitaraplaýyn meýilnamasyny içgin ara alyp maslahatlaşdyk. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň ösüşiniň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledik” diýip, Mihail Mişustin duşuşygyň jemleri boýunça beren interwýusynda belledi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda ýurtda rus dilli mekdepleriň mundan beýläk-de gurulmagy we sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. 

2022