Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew 2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, Halkara Söwda-senagat palatasynyň Ukraina milli komitetiniň (ICC Ukraina) wise-prezidenti bilen Kiýew şäherinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym, bilim we ynsanperwer ugurlar boýunça hünär tejribelerini alyşmak maksady bilen Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda gönümel aragatnaşygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde geçirilen duşuşykda rektor Anatoliý Mazaraki uniwersitetiň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi we bu ýerde dünýäniň 13 sany ýurdundan gelen daşary ýurt raýatlarynyň bilim alýandyklary we döredijilik taýdan ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýtdy.
Şeýle hem Anatoliý Mazaraki uniwersitetiň Türkmenistandan dalaşgärleriň arasyndan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersiteti söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.