“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bäş ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bäş ýaşady
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisinde, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda öz işine başlan we okyjylara türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde habarlary ýetirýän “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri bäş ýaşady.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri ABŞ-nyň “Google News” we Russiýanyň “Yandex Novosti” habar toplaýjy ulgamlary tarapyndan Türkmenistanyň adyndan ilkinji resmi hasaba alnan habar beriş serişdesidir. Şeýle hem X, “Facebook”, “Instagram”, we “LinkedIn” ýaly sosial aragatnaşyk torlarynda neşiriň sahypalary açyldy.

“Biznes Türkmenistan” biznes maglumatlary, habarlary we seljermeleri yzygiderli okyjylara ýetirip, ýerli we halkara biznesleri hem-de sarp edijileri dürli ugurlardaky habarlar, maglumatlar hem-de ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär. Şeýle hem BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkalaryny, Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri ulanyjylara yzygiderli ýetirip durýar.

Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň resmi web sahypalary BT neşirine yzygiderli salgylanýarlar.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan neşirdir. Neşiriň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.

2022