“Biznes Türkmenistan” neşiri kommunikasiýa ulgamynda işleri amala aşyrmaga ygtyýarly edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” neşiri kommunikasiýa ulgamynda işleri amala aşyrmaga  ygtyýarly edildi
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri “Türkmentelekom” EAK-niň serwerlerinde ýerleşýän saýtlaryň arasynda 1-nji ýerde durýar.

Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçileriň we hususy kärhanalaryň hem işjeň çekilmegi boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiriniň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek, amaly programmalar bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.

Dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa” görä, häzirki wagtda “Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan saýtlaryň arasynda ilkinji onluga girip, “Türkmentelekom” EAK-niň serwerlerinde ýerleşýän saýtlaryň arasynda 1-nji ýerde durýar. Onuň çap edýän täzeliklerine ýerli we halkara habar beriş serişdeleri, döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň websaýtlary salgylanýarlar.

Türkmenistanda Ygtyýarnamalar işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine laýyklykda, degişli döwlet edarasy tarapyndan berilýär. “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2008-nji ýylda güýje girdi, onuň rejelenen görnüşi 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022