Türkiýäniň Prezidenti: Türkmen gazy ýakyn wagtda Türkiýä we Ýewropa iberiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Prezidenti: Türkmen gazy ýakyn wagtda Türkiýä we Ýewropa iberiler
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Transanatoliýa gaz geçirijisiniň (TANAP) giňeldilen taslamasy boýunça türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa ýakyn wagtda iberiljekdigini mälim etdi. Bu barada “Anadolu” agentligi sişenbe güni habar berdi.

“Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzurum we TANAP turbageçirijileri ýaly infrastrukturalara maýa goýumlarynyň goýulmagy bilen biziň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyz diňe bir Türkiýä we Azerbaýjana peýda getirmän, eýsem sebitiň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna hem möhüm goşant goşdy” diýlip, Rejep Taýyp Ärdoganyň Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Halkara Hazar nebit we gaz sergisinde okalan beýanynda aýdylýar.

Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan türki dünýäsiniň energiýa we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Türkiýäniň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň indiki sammitiniň geljekki aý Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljekdigine kanagatlanma bildirdi.

Türkiýe we Azerbaýjan şu ýylyň maý aýynda Stambul şäherinde türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä ugratmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler. 

2022