Daşoguz şäherinde çarşenbe güni täze 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Täze dört gatly jaýlaryň dördüsi umumylykda 80 öýli bolup, olar welaýat merkeziniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Alp Arslan köçesiniň kesişýän künjeginde bina edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, olaryň gurluşygy Daşoguz şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.
Şeýle hem dört gatly jaýlaryň ýene dördüsiniň her birinde 16 öý bolup, olar ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň Gülüstan şäherçesinde gurlup ulanmaga berildi.
Bu desgalaryň buýrujysy hökmünde şäher häkimligi, potratçysy bolup Daşoguz “Demirbetonönümleri” kärhanasy çykyş etdi. Kömekçi potratçy hökmünde bolsa “Ak bagt” we “Nurly badalga” ýerli hususy kärhanalary çekildi.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle-de täze binalaryň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken işçi-hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şol gün “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.