Türkmenistan–Türkiýe işewürler geňeşiniň başlygy Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

BT
Türkmenistan–Türkiýe işewürler geňeşiniň başlygy Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Türkiýe–Türkmenistan işewürler geňeşiniň başlygy Sefa Gömdeniz we Türkiýäniň ilçisi Şener Jebeji. (Surat: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky Türkmenistan–Türkiýe işewürler geňeşiniň başlygy Sefa Gömdeniz we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebejä hormat sapary bilen bardy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy X sosial sahypasynda habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

DEİK-iň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistan–Türkiýe işewürler geňeşi Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň çäginde hereket edýär we iki ýurduň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işleri alyp barýar. Bu geňeş işewürleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen we türk kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldamaga hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Ozal habar berlişi ýaly, Şener Jebeji 2026-njy ýylda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle hem ol 28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

2022
ENG TM РУС