Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gülmanowanyň Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gülmanowa anna güni Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşdy. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem söhbetdeşler parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, degişli komitetleriň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle-de parlamentleriň derejesinde duşuşyklary we maslahatlaşlary geçirmek meselelerine garadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy türk diplomatyny Türkmenistandaky ilçi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi hem bellenildi.

Taraplar oktýabr aýynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara zenanlar dialogyna we demografiýa meseleleri boýunça halkara maslahata Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmak meselesine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we öz ýurduna Türkmenistanda wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

2022