Günorta Koreýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi
Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol maşgalasy Kim Gon Hi bilen

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol iki günlük döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Günorta Koreýanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. 

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler.

Bu sapar Günorta Koreýanyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparydyr.

2022