Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Nýu-Ýork, ABŞ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni iki günlük döwlet sapary bilen Aşgabada gelen Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzüminde geçirilen gepleşiklerden soň birnäçe resminamalara gol çekildi:

  • “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 
  • “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary “doly taýýar edip gurmak şerti bilen” taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk; 
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Günorta Koreýanyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Günorta Koreýanyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Aşgabat şäher häkimligi bilen Günorta Koreýanyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Günorta Koreýanyň Eksport-Import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Günorta Koreýanyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Günorta Koreýanyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama. 

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

2022