Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçirilen duşuşyk:
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli pikir alşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň nebitgaz pudagynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkiýeli hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen geçirilen duşuşyk:
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurduň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçirilen duşuşyk:
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam etdirilýän, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen geçirilen duşuşyk:
Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.