Lebaply daýhanlar 20 müň tonna golaý ýeralma hasylyny aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply daýhanlar 20 müň tonna golaý ýeralma hasylyny aldylar
Türkmenistanda ýeralma hasyly ýygnalýar.

Lebap welaýatynyň daýhanlary şu ýyl 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekip, ondan 19 müň 778 tonna ýeralma hasylyny ýygnadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, her bir gektaryň hasyllylygy 143 sentnere ýakyn boldy.

Şu möwsümde Çärjew etrabynda 480 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 6 müň 735 tonna, Dänew etrabynda 350 gektar ýerden 4 müň 960 tonna, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 4 müň 247 we 1 müň 857 tonna hasyl ýygnaldy.

Ýygnalan hasyl bazarlarda we dükanlarda alyjylara elýeterli bahalardan hödürlenýär we onuň galan bölegi “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberildi diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem gündogar sebitde şu ýyl sogan, pomidor, hyýar, kelem, käşir ýaly gök önümler hem-de bakja ekinleri ekilip, onuň bol hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.

2022