Aşgabatda Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan we Russiýa Türkmen-Rus uniwersitetiniň döredilmegini, Döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň we Aşgabatda Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasynyň gurulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň habar bermegine görä, bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda garaldy.

Konstantin Kosaçýow Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň Russiýa bilen Türkmenistan arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrmak üçin möhüm tapgyra öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem şol gün Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Dostluk toparynyň başlygy Batyr Baýlyýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022