Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar
“Kazan Digital Week 2023” forumy, 2023-nji ýylyň 15 – 17-nji sentýabry, Kazan, Türkmenistan

Türkmenistanyň häkimlikleriniň wekilleri 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabrynda Kazan şäherinde “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerinde geçiriljek häkimleriň halkara “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem bu çärä Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Forum sanly tehnologiýalary, programma üpjünçiligini we ýokary tehnologiýaly önümleri öndürijileri hem-de olary ulanyjylary bir ýere jemlär. Serginiň çäklerinde 100-den gowrak kompaniýa özleriniň işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrarlar.

Foruma gatnaşyjylar döwlet dolandyryşyny, senagat, bilim, medeniýet, oba hojalyk we ulag ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de kiberhowpsuzlyk, maliýe tehnologiýalary, wençur maýa goýumlary ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ozalky “Kazan Digital Week” forumy 2023-nji ýylyň 15 – 17-nji sentýabrynda geçirilipdi.

2022