“Jadyly çeşme” “Teşne” haryt nyşanly suwlarynyň 5 görnüşini satuwa çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Jadyly çeşme” “Teşne” haryt nyşanly suwlarynyň 5 görnüşini satuwa çykardy
“Jadyly çeşme” hojalyk jemgyýeti TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide, 2024-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda alkogolsyz dürli görnüşli içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan “Jadyly çeşme” hojalyk jemgyýeti “Teşne” atly suwlarynyň 5 görnüşini satuwa çykardy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümiň jemi bäş, ýagny şetdaly, limon, alma, ýertudana, garpyz tagamly gazsyz we gazlandyrylan arassa suw görnüşleri bar. Bu önüm emeli minerallaşdyrylan içgi bolmak bilen, onuň iýmit siňdirijilik häsiýeti bardyr.

“Jadyly çeşme” hojalyk jemgyýetinde gazlandyrylan we gazsyz, witamin içgileriň dürli görnüşi öndürilip, bu önümler “Kewser”, “Gurt”, “Aloe”, “Teşne”, “Belle”, “Tut”, “Red Tut” ýaly atlar bilen çykarylýar.

Bu kärhana 2021-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde esaslandyryldy we kärhanada häzirki wagtda 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Şeýle hem bu ýerde 19 litrlik gaplarda arassa agyz suwuny sargyt esasynda eltip bermek hyzmaty ýola goýlandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022