Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmegi meýilleşdirilýär
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň birinji sammiti, 2023-nji ýylyň 24-nji noýabry, Baku, Azerbaýjan (Surat: 1news.az)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri beýan etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň bu maksatnamada başlyklyk etmek döwri tamamlanýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemegi teklip etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridigini belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) 1998-nji ýyldan bäri hereket edýär. Türkmenistan geçen döwürde SPECA-da birnäçe gezek başlyklyk edip, onuň mejlislerini we ykdysady forumlaryny üstünlikli geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022