Türkmenistanda lift önümçiligi ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda lift önümçiligi ýola goýlar
Ýaşaýyş jaýyndaky liftda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurtda lift önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipleriň alynandygyny we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

2022