ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli metbugat maslahatyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli metbugat maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan ilçi Metýu S. Klimow metbugat maslahatynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 24-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan ilçi Metýu S. Klimow duşenbe güni ABŞ-nyň ilçisiniň rezidensiýasynda wezipede bolmak ygtyýarlygynyň tamamlanmagy mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda soňky metbugat maslahatyny geçirdi.

Bu çäre dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdy we olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ilçiniň goşan goşandy we iki ýurduň arasyndaky geljekki mümkinçilikler boýunça pikir alyşdylar.

Metbugat maslahatynyň dowamynda ilçi Metýu Klimow özüniň işlän döwründe gazanylan ähmiýetli sepgitleri belledi. Ol ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň özüniň alyp baran işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolandygyny aýtdy we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň hyzmatlaryny belledi.

Ilçi Metýu Klimow özüniň 6-njy iýulda Türkmenistandan gidýändigi, diplomatik wezipäni dowam etmek üçin ilçi hökmünde bellenilen Elizabet Rudyň bolsa, 23-nji iýulda ýurda geljekdigi barada metbugat maslahatyna gatnaşyjylara habar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022