Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen aýratynlykda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Telefon söhbetdeşlikleriniň dowamynda Şawkat Mirziýoýew, Rejep Taýyp Ärdogan we Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Türkiýäniň Prezidenti bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň martynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Özbegistanyň Prezidenti bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:
Söhbetdeşligiň dowamynda Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi.
Şeýle hem söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.