Belgiýanyň “Jan De Nul” kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär

TMKÝUKA
Belgiýanyň “Jan De Nul” kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
“Jan De Nul” kompaniýasynyň hünärmenleriniň alyp barýan işlerinden bir pursat

Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag geçelgesi (ýa-da Orta geçelge) boýunça ýük daşamagyň artmagy bilen baglylykda, Belgiýanyň “Jan De Nul” kompaniýalar topary Türkmenistandaky işini giňeldýär. 

Häzirki wagtda ýeterlik mümkinçiligi we baý tejribesi bolan “Jan De Nul” kompaniýasynyň Hazar deňzinde barlygy hem aýratyn bellendi.

“Jan De Nul” kompaniýalar topary deňizde we gury ýerlerde infrastruktura döretmek bilen meşgullanýar. Biz deňizdäki energiýa önümçiligini we suw ýollarynyň çuňlugyny üpjün edýäris. Täze portlary gurýarys we goşmaça ýer meýdanlaryny döredýäris” — diýip, çeşme habar berýär.

“Jan De Nul” kompaniýalar toparynyň deňiz gurluşygy, tebigy baýlyklary gazyp almak we daşky gurşawy goramak pudagyndaky inženerçilik işlerine ýöriteleşen öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň biridigini bellemelidiris.

Belgiýada ýerleşýän bu kompaniýa portlary, ýollary we kenarlary gurmak işleri, şeýle hem kenarýaka suw dolandyryşy we kenarýaka gorag taslamalary bilen tanalýar. Topar häzirki zaman ýöriteleşdirilen gämiler flotuna eýedir we dünýädäki çylşyrymly infrastruktura taslamalaryny üpjün etmek üçin ösen tehnologiýalary ulanýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022