Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

THP
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Söhbetdeşler bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerini we enjamlary satyn almakda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.

Çeşme: THP

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС