Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy

THP
Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy
Eýranyň ýük otlusy

21-nji iýulda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10 297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr.

Otly Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän Eýranyň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan ýola düşüp, Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.

Ýurduň Söwda we demir ýol amallary boýunça wise-prezidenti Morteza Jafariniň ýekşenbe güni guralan yzygiderli aragatnaşyk ulgamynyň açylyş dabarasynda otlularyň hepdede bir gezek iki tarapa gatnajakdygyny, soň bolsa onuň ýygylygynyň üstüniň günde ýene bir otly bilen ýetiriljekdigini aýdandygy beýan edilýär.

Orta geçelge hökmünde meşhurlyk gazanan bu ugur birnäçe ýurtlaryň üns merkezinden ornuny tapdy.

Golaýda Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran 2024-2025-nji ýyllar üçin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň mümkinçiliklerini sinhron ösdürmek boýunça ýol kartasyna gol çekdiler.

Çeşme: THP

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022