Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar

BT
Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk, 2024-nji ýylyň 24-nji iýuly, Pakistan

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi.

Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

2022