Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Arkadagymyz iş saparynyň barşynda önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady.
Çeşme: TDH