Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy

TDH
Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabry, Astana, Gazagystan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi hem-de öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, yzygiderli ýagdaýda geçirilýän hem-de ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garalan “ŞHG+” görnüşindäki duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylandygy, onuň türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 4-nji iýulda dabaraly ýagdaýda açylandygy bellenildi. Aşgabatda bolsa meşhur gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeli bina ediler. Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň arasyndaky taryhy taýdan emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşanydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda täze wehimleriň ýüze çykýan şertlerinde sebit derejesinde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygy tassyklanyldy.

Dostlukly ýurduň Baştutany telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen kärdeşini Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek mälim etdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.

 

Çeşme: TDH

2022
ENG TM РУС