2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi – durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.
Gatnaşyjylar Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky çykyşlary diňlediler, daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we ykdysady ugry nazara almak bilen özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda Hazar deňzinde netijeli syýasy dialogyň täze formatlaryny işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň orny aýratyn nygtaldy.
Çäräniň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi