Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 13-nji awgusty

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda “Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama” gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki Seýşel Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Ilçiler medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerine garadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022