Türkmenistan we Türkiýe ulag-logistika üçin innowasion çözgütleri maslahatlaşdylar

THP
Türkmenistan we Türkiýe ulag-logistika üçin innowasion çözgütleri maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezowyň Türkiýäniň Halkara awtoulaglarda daşaýjylar assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 16-njy awgusty

16-njy awgustda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtoulaglarda daşaýjylar assosiasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäginmde taraplar ulag we logistika ulgamyny ösdürmek, olaryň durnuklylygyny hem deňagramlylygyny üpjün etmek, ulag infrastrukturasyna hyzmat etmegi kämilleşdirmek, ulag pudagynda halkara goldawyny giňeltmek, sanly tehnologiýalary ulanmak, täze mümkinçilikleri kesgitlemek üçin innowasion çemeleşmeleri we çözgütleri, şeýle hem Türkmenistan bilen UND-niň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmegiň zerurdygyny we derwaýysdygyny belläp, taraplar durnukly ulagyň we Türkmenistanyň bu ugurda halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine täsiriniň düýpli ähmiýetine ünsi çekdiler.

Taraplar, şeýle hem sebitdäki üstaşyr gatnawlaryň möçberini artdyrmakda iki ýurduň işjeň ornunyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň halkara ulag ulgamlaryny düýpgöter täzeden gurmak we ösdürmek bilen baglanyşykly açyljak ägirt uly mümkinçilikler barada bir pikire geldiler.

 

Çeşme: THP

2022