Türkmenistan bilen Özbegistan ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär

TDH
Türkmenistan bilen Özbegistan ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistan bilen Özbegistanyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigini hem-de bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

 

Çeşme: TDH

2022