Arkadag şäheri Günorta Koreýadaky halkara sergide üç baýraga mynasyp boldy

BT
Arkadag şäheri Günorta Koreýadaky halkara sergide üç baýraga mynasyp boldy
“2024 World Smart City Expo” atly akylly şäherleriň halkara sergisinde Arkadag şäherine baýrak gowşurylýar, 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabry, Goýang, Günorta Koreýa (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy)

Türkmenistan wekiliýeti 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän “2024 World Smart City Expo” atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu sergide türkmen tarapy akylly Arkadag şäherine bagyşlanan – onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan pawiliony bilen çykyş etdi.

“2024 World Smart City Expo” halkara sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, dürli döwletleriň (Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Taýland Patyşalygy, Wýetnam Sosialistik Respublikasy, Daniýa Patyşalygy, Finlýandiýa we Ysraýyl döwleti) gatnaşyp, ol jemi 116 sany pawiliony özünde jemleýär we oňa ministrler, ministrleriň orunbasarlary hem-de welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşýar.

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Akylly Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän “2024 World Smart City Expo” atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga  mynasyp boldy.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Akylly Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda türkmen tarapy şu aşakdaky 3 baýrak bilen sylaglandy:

Akylly Arkadag şäheri – Iň tapawutlanan akylly şäher (Smart City Excellence Award)

*Diňe Arkadag şäheri sylaglandy;

Akylly Arkadag şäheri – Daşary ýurt akylly şäheri (Foreign city award)
Akylly Arkadag şäheri – “World Smart City Expo 2024” akylly şäherleriň halkara sergesine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award)

Baýrak gowşuryş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol hususan-da koreý tarapynyň bu çäräni ýokary guramaçylykly derejede geçirendigini belläp, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän akylly şäherleriň tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň görkezilendigini aýdyp geçdi. Bu ugurda sergä gatnaşýan akylly Arkadag şäherine mynasyp derejede baha berlip, sylaglaryň gowşurylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, bu berlen sylaglaryň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda şähergurluşyk-binagärlik babatda alnyp barylýan işleriň belent sepgitlere ýetendiginiň ykrarnamasydygy nygtalyp geçildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy

2022