Türkmenistanyň hökümetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada aýdyldy. Konserniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän toplumyň daşky inžener ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge hem-de ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: TDH