Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

TDH
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 8-nji sentýabry, Gazagystan (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Şu gün Astana iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de milli bähbitleri özara nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Özara ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşler dürli görnüşlerde, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary derejesine ýetildi. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara goldaw esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, taraplar kanagatlanma bilen bellediler we hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna laýyklykda hem-de iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmelidigini nygtadylar.

Häzirki wagtda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalyk, energetika we beýleki pudaklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

 

Çeşme: TDH

2022