Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

TDH
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata, birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan, däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň esasynda dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Täjigistan Respublikasynyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: TDH

2022