Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

TDH
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi.

Gahryman Arkadagymyzy hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Hormatly ýaşulular Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan edip, welaýatyň ilatynyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny bellediler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Şeýle-de il sylagly ýaşulular mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni toýdur dabaralara beslenýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

 

Çeşme: TDH

2022