Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň hormatly agzalary!
Mähriban doganlar!
Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýä türkmenleri sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, hyzmatdaş döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde dünýä türkmenleriniň ýüzlerçesi Türkmenistanda iş alyp barýarlar we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen bu birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. Doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da jebisleşdirmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde bize ägirt uly işler garaşýar.
Gadyrly doganlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny toýlaýan ata Watanymyz döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiz esasynda ýurdumyzda taryhy işler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Şu ýyl Diýarymyzda türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Beýik akyldaryň arzuwlan zamanasynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar. Halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen üstünliklere ýetilýär.
Eziz doganlar!
Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmak, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Ajaýyp senelerimize — beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna sowgat hökmünde 2024-nji ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebi dabaraly açdyk hem-de asylly däbimize eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu mekdebiň okuwçylaryna milli önümlerimiz bolan «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat gowşurdyk. Munuň özi biziň halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan dostluk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň halkara derejede giňden dabaralandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň hormatly agzalary!
Mähriban doganlar!
Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de belende götermek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Çeşme: TDH