Türkmenistan bilen Yrak ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň geçirilmegini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistan bilen Yrak ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň geçirilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan

2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň alşylmagy, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi meselelerine hem aýratyn üns berildi.

Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ysnyşykly ozara gatnaşyklary dowam etdirmegiň wajypdygy we zerurdygy dogrusynda bellediler.

 

Çeşem: Türkmenistanyň DIM-i

2022