Oktýabr 2024: Ermenistanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana geler

THP
Oktýabr 2024: Ermenistanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana geler
Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan (Surat: Ermenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Bu sapar, Ýerewan bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder diýip, Ermenistanyň ilçisi belledi.

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan oktýabr aýynda Türkmenistana sapar gurar.

Ilçi Türkmenistanyň Ermenistanyň möhüm hyzmatdaşydygyny, ýurtlaryň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny aýtdy. Özara düşünişmek we ynam esasynda döredilen bu gatnaşyklar söwda, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

“Ajaýyp mysallardan biri Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň, türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda geçiriljek Halkara döwlet we hökümet Baştutanlary forumyna meýilleşdirilen saparydyr" - diyip aýdylýar.

Ilçi bu saparyň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm tapgyr boljakdygyny we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

 

Çeşme: THP

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022