Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi

TDH
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi, 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn belleýşi ýaly, biziň ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Şoňa görä-de, adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň ýokary depginini, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolmagy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklary hasaplaýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýandygyny belledi.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022