Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy bilen gutlady

TDH
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Sişenbe güni paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.

Maslahat köşgünde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyz köşgüň sahnasyna baryp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynyň wekilleri bilen mähirli salamlaşýar.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, biz merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip belledi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.

Şu ýyl biz şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendigini buýsanç bilen nygtady. Berkarar Türkmenistan agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurduna öwrüldi.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzy iň bagtly adamlar ýaşaýan hem zähmet çekýän kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýär. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyz, enelerimiz halkymyzyň guwanjy hem buýsanjydyr. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek teklip edildi.

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Merdana halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakda hem-de jebisleşdirmekde geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli. Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň egsilmez güýjüni ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Biziň amala aşyrýan beýik işlerimiz raýatlarymyzyň, çagalarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ykdysady ugruny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär diýip, çykyşda bellenildi.

Soňra Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany M.Jumaýewa çykyş edip, ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, ýaş hünärmen çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň baş hünärmeni T.Gurtgeldiýew çykyş etdi. Ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ol “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary öz taryhy ähmiýeti bilen täze mümkinçilikleri açdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy wakalardyr.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Ahal — Balkan, Mary — Ahal, Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa içerki sarp edijilerimiziň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýakyn günlerde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Umuman, gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleri döretmek işi geljekde-de yzygiderli dowam etdiriler.

2026-njy ýyla çenli onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy geljekde hem dowam ederis. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan söwda toplumy bilen bagly meseleler barada durup geçip, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Yzygiderli guralýan sergiler, maslahatlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn geljekde biz Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, hokkeý boýunça halkara ýaryş we beýleki halkara bäsleşikler üstünlikli geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň ýadygärligini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen bagly mesele barada durup geçip, milli parlamentiň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaly diýip hasaplaýarys. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmelidiris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

«Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşini üpjün etmekde, bagtyýar durmuşyny gazanmakda uly wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy we amala aşyrylýan giň gerimli, tutumly işlere ýurdumyzyň her bir raýatynyň agzybirlikde, jebislikde gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmençilikde köp nakyllaryň bardygyny aýdyp, “Ýagşy niýet — ýarym döwlet”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Agzybire Taňry biýr...”, “Köpüň dilegi köl bolar”, “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz”, “Arkalaşan dag aşar”, “Ýoly ýörän ýeňer”, “Ýagşydan at galar”, “Döwletliden döwlet ýokar”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn”, “Söýenişen ýykylmaz”, “Akylly iş — ganatly guş” ýaly parasatly sözleri mysal getirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, ertir agzybirlikde Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka bermek baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

***

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Maslahat köşgüniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisi mähriban halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şeýle giň möçberli çäre jemgyýetimiziň mundan beýläk-de jebisleşmegine oňyn täsir edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022