Çarşenbe güni Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli sadaka berildi.
Ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular. Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti metjidiň çäginde abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny hem-de onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.
Habarda mälim edilişine görä, birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen amala aşyryldy. Metjidiň daşky we içki bezeginde gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr.
Sadaka tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.