Oleg Kononenko Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

BT
Oleg Kononenko Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy Oleg Kononenko (Surat: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi)

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparlarynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Halk Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi we ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. 

Kononenkonyň sözlerine görä, Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

“Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi” diýlip, Türkmenistanyň Gahrymanynyň hatynda bellenilýär. 

Oleg Kononenko gutlagynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa öz hünär işi barada edýän yzygiderli aladalary, berýän ünsi, goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

2022