Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow geçen hepde Yslamabat şäherinde Pakistanyň federal söwda ministri Jam Kamal Han bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we üstaşyr söwda ulgamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde işjeň gatnaşyk etmegiň wajyplygy bellenildi.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra, möhüm ylalaşyklary gutarnykly ýerine ýetirmäge we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary öwrenmäge aýratyn üns berildi.
2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal nebit ministri Musadik Masud Maliki ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.